Skip Navigation
The Endowment for Human Development
The Endowment for Human Development
Improving lifelong health one pregnancy at a time.
Donate Now Get Free Videos

Multilingual Illustrated DVD [Tutorial]

The Biology of Prenatal Development




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


National Geographic Society This program is distributed in the U.S. and Canada by National Geographic and EHD. [learn more]

Choose Language:
Download English PDF  Download Spanish PDF  Download French PDF  What is PDF?
 

Chapter 1   Introduction

Adamdaky ýeke-täk öýjükli zigotyň esasyndaky dinamiki hereket uly adamlarda öýjükleriň sanynyň 100 trillýona ýetmegi bütin tebigatyň iň ajaýyp hadysasydyr.

Häzir ylmy barlagçylaryň pikirne görä, adaty funksiýalaryň köpüsi uly adam göwresiniň ýerine ýetirmegi bilen göwrelilik döwründe tertibe gelýär - ýagny, dogulmazdan has öň tutulýar.

Dünýä inmekden öňki ösüş döwri bu taýýarlyk döwür hökmünde düşündirilýär, çünki adamyň ösüş döwri köp mümkinçilikleri, hem-de zerur bolan köp tejribeleri dünýä inmeden soň ýaşamak üçin talap edýär.

Chapter 2   Terminology

Adamda göwrelilik döwri takmyndan 38 hepde tohumlandyrylmadan, ýa-da çaga galandan tä dogulýança dowam edýär.

Tohumlandyrylmadan soň ilkinji Sekiz hepdäniň dowamynda ynsanyň ösüşine "düwünçejik" diýilýär, ol "içki ösüş" diýmegi aňladýar. Düwünçeklik döwür diýlip atlandyrylýan bu döwür esasy beden sistemalarynyň köpüsiniň emele gelşini häsiýetlendirýär.

8 hepdäniň dolmagyndan başlap tä dogulýança çenli "ynsanyň ösüş döwrüne " göwredäki emele gelen çaga" diýilýär, ol "dogulmadyk nesil" diýmegi aňladýar. Düwünçeklik döwür diýlip atlandyrylýan bu döwür göwre ulalyp ösüp başlaýar we onuň sistemalary sazlanmaga başlaýar.

Bu programmadaky düwünçekligiň ähli ýaşaýyş döwürleri tohumlandyrylmadan soňky wagta salgylanýar.

The Embryonic Period (The First 8 Weeks)

Embryonic Development: The First 4 Weeks

Chapter 3   Fertilization

Biologiki dilde aýdylanda "ynsan ösüşi tohumlandyrylmadan soň başlanýar", ýagny haçanda aýal bilen erkek her haýsy öz 23 hromosomyny özleriniň tohum öndüriji öýjükleriniň birleşmesi arkaly birikdirýärler.

Aýalyň tohum öndürýän öýjügine adatça "ýumurtga" diýlip atlandyrylýar, ýöne dogry termini owosit diýmeklikdir.

Şeýle hem, erkek adamyň tohum öndürýän öýjügi giňden belli bolşy ýaly "döl ýa-da sperma" diýilýär, ýöne ulanylýan termin bolsa spermatozoýitdir.

Aýalyň ýumurtgasyndan owositiň çykmagyna owulýasiýa prosesi diýilýär, owosit bilen spermatozoit ýatgy turbajyklarynyň içinde birleşýärler, olara adatça Follapiýa turbalary diýilýär.

Ýatgy turbalary aýalyň ýumurtgalaryny onuň ýatgysyna ýa-da göwresine birleşdirýär.

Ýeke - öýjükli düwünçejige zigota diýilýär, ol "goşalandyrylan ýa-da bilelikde birleşdirilen manyny berýär.

Chapter 4   DNA, Cell Division, and Early Pregnancy Factor (EPF)

Zigotanyň 46 hromosomy täze şahsyýetiň genetik gelip çykyşynyň birinji görnüşini görkezýär. Bu esasy plan DNK atly berk towlanan molekulalar toplumynda ýerleşýär. Olar bütin göwräniň ösmegi üçin görkezmeleri öz içine alýar.

DNK molekulalary bu öwrümli merdiwan ýaly goşa spirallar hökmünde bellidir. Merdiwanyň basgançaklary jübüt molekulalardan, ýa-da hinin, sitosin, adenin hem-de timin atly molekulalardan düzülendir.

Hinin diňe sitosin bilen, adenin bolsa, timin bilen jübütleşýär. Her bir adam öýjükleri şol jübütleriň takmyndan 3 milliardyny öz içine alýar.

Bir öýjügiň DNK-synda juda köp maglumat bardyr, eger-de ol çap edilen görnüşde berilse, onda her sözüň birinji harpy 1,5 millýon sahypa tekste barabar bolardy!

Eger-de adam öýjüginiň ýekeje DNK-sy ölçelende ol 3 1/3 futa ýa-da 1 metre deň bolar.

Eger-de uly adamyň 100 trillýon öýjüginiň DNK-ny çöşleseň, onda onuň uzynlygy 63 milliard mile barabar bolar. Bu aralyk ýerden güne Çenli aralygy 340 gezek geçer.

Tohumlandyrylmadan soň Takmyndan 24 -30 sagat geçenden soňra zigota özüniň birinji öýjük bölünişini tamamlaýar. Mitosis prosesinde bir öýjük ikä, iki öýjük dörde we ş. m. bölünýär.

Tohumlandyrylma başlanandan soňra 24-48 sagadyň dowamynda göwrelilik enäniň ganyndaky "ir göwrelilik faktory" diýilýän gormonyň tapylmagy bilen tassyklap bolýar.

Chapter 5   Early Stages (Morula and Blastocyst) and Stem Cells

Tohumlandyrylmadan soň 3-4 günde embirýonlaryň bölünýän öýjükleri şara meňzeş görnüşi emele getirýär we bu embirýona morula diýilýär.

4-5 gün diýilende, öýjügiň şarynyň içinde janlandyrma emele gelýär we bu embirýona blastosist diýilýär.

Blastosityň içindäki öýjüklere içki öýjük massasy diýilýär we ol adamyň ösüşinde zerur bolan kelle, göwre we başga organlary ösdürýär.

Içki öýjük massasyndaky öýjüklere öýjükleriň embirýonik düýbi diýilýär, sebäbi olar adamyň göwresindäki 200-den gowrak görnüşdäki öýjüklere öwrülip bilýärler.

Chapter 6   1 to 1½ Weeks: Implantation and Human Chorionic Gonadotropin (hCG)

Irki embirýonlar ýatgy turbasyndan hereket edende, özleri ene ýatgysynyň içki diwaryny emele getirýärler. Bu prosese implantasiýa diýilýär, ol tohumlandyrylmadan soň 6-njy günden başlap 10-12 günden soň tamamlanýar.

Ösýän düwünçejigiň öýjükleri Adamyň herionik gonadotropin ýa-da AHG atly gormonyny emele getirip başlaýar, ol göwrelilik barlaglarynyň köpüsinde tapylýär.

AHG enelik gormonynyň adaty aýbaşy hereketini saklap, göwreliligiň dowam etmegine ýol açýar.

Chapter 7   The Placenta and Umbilical Cord

Implantasiýanyň yzysüresinde blastosistyň periferiýasyndaky öýjükler ene bilen embriony özara baglanyşdyrýan aýlanyş sistemasyny düzýäne plasenta diýilýän gurluşyň bölekleriniň ösüşini kämilleşdirýär.

Plasenta adamyň ösüşine enelik kislorodyny, azyk iýmitlerini, gormonlary we dermanlary berýär; ähli hapa zatlary aýyrýar; hem-de ene ganyny embriýonyň we düwünçegiň ganynyň gatyşmasyndan saklaýar.

Şonuň ýaly-da, plasenta gormonlary emele getirýär, hem-de embrionyň we düwünçegiň ten temperaturasyny enäniň temperaturasyndan bir az ýokary temperaturada saklaýar.

Plasenta ösýän çaga bilen göbek rodasy arkaly arabaglanyşyk saklaýar.

Plasentanyň ýaşaýyş ukyplaryny saklamak üçin häzirki zaman hassahanalarynda ulanylýan döwrebap usullar bilen bäsleşip biler.

Chapter 8   Nutrition and Protection

Bir hepdäniň içinde, öýjükleriň içki öýjük ýygyndylary iki sany hipoblast we epiblast atly gatlaklary döredýärler.

Hipoblast tohum haltajygy ösdürýär, şonyň üsti bilen ene düwünçegini iýmitlendirýär.

Epiblastyň öýjükleri amnion atly membranany döredýärler, we şonuň bilen bilelikde tä çaga dogulýança Düwünçegiň ösüşi dowam edýär.

Chapter 9   2 to 4 Weeks: Germ Layers and Organ Formation

Takmynan iki ýarym (2 1/2)hepdeden epiblast 3 sany birikdiriji dokumalary ýa-da ektoderm, endoderm we mezoderm atly düwünçek gatlaklaryny döredýär.

Ektoderm beýnini, oňurga ýiligini, nerwler, deri, dyrnak, saç ýaly köp organlary ösdürýär.

Endoderm dem alyş sistemasynyň we iýmit siňdiriji organlaryň esasyny döredýär we bagyr we aşgazan asty mäzler ýaly ýaşamak üçin wajyp bolan organlaryny ösdürýär.

Mezoderm ýüregi, böwregi, süňki, kykyrdagy, muskullary, gan öýjüklerini we beýleki organlary emele getirýär.

3 hepdeden soňra kelle beýnisi öň beýni, orta beýni we arka beýni diýlip 3-e bölünýär.

Şeýle hem dem alyş sistemasynyň we iýmit siňdiriji organlaryň ösmegi hem dowam edýär.

Tohum haltajygyň içinde gan öýjükleriniň täze döräp başlan wagty düwünçejigiň ähli ýerinde gan damarlary we ýüregiň trubajyklary görnüşi döräp başlaýar.

Tiz wagtyň içinde çalt ösýän ýürek içe ýygrylýar we şonuň bilen birlikde aýry - aýry kameralary ösüp başlaýar.

Tohumlandyrylmadan 3 hepde bir gün geçenden soň ýürek urup başlaýar.

Göwrede ilki bilen gan aýlanyş sistemasy ýa-da şoňa degişli organlar işläp başlaýar.

Chapter 10   3 to 4 Weeks: The Folding of the Embryo

3-nji 4-nji hepdeleriň arasynda aňsatlyk bilen ýatgynyň içinde tohum haltajygyň ýanynda kelle beýnisini, oňurga ýiligini we düwünçejigiň ýüregini görüp bolýar.

Enäniň ýatgysynda ýeriň azlygy sebäpli çalt ösüş düwünçejigiň ýygrylmagyna getirýär. Bu prosess tohum haltajygyň bölekleri iýmit siňdiriş, sistemasy bilen birleşip, ýetişip gelýän çaganyň gursagyny we garyn boşlugyny döredýär.

Embryonic Development: 4 to 6 Weeks

Chapter 11   4 Weeks: Amniotic Fluid

4 hepde bolanda arassa amnion düwünçejigi suwuklykdan doly haltajyk bilen gurşap alýar. Bu arassa suwuklygyna amniotic suwuklyk diýilýär, ol düwünçejigi döwük-ýenjiklerden goraýar.

Chapter 12   The Heart in Action

Ýürek adatça minutda 113 gezege barabar urýar.

Her urguda ýüregiň kameralaryna ganyň barmagy we çykmagy bilen ýüregiň reňkiniň üýtgeýşine üns beriň.

Ýürek takmynan çaga dogulýança 54 millýon gezek urýar we 80 ýaşa çenli bolsa 3,2 milliarddan hem gowrak gezek urýar.

Chapter 13   Brain Growth

Öň beýni, orta beýni we arka beýniň görnüşiniň üýtgemesi bilen beýniň çalt ulalyşyny görüp bolar.

Chapter 14   Limb Buds

4 hepde içinde mäzler toplumynyň peýda bolmagy bilen olaryň ýokarky we aşaky uçlary kämilleşmegi başlaýar.

Bu wagtda deri aňyrsy görnüp duran ýuka gönüşde bolýar, sebäbi ol diňe bir öýjük galyňlygyndadyr.

Deri galňadygyça ýuka gönüşini ýitirýär, bu bolsa içki organlaryň kämilleşişini diňe bir aýyň dowamynda görmek mümkünçiligini döredýär.


Add a Comment

Your Name: Log In 3rd-party login: Facebook     Google     Yahoo

Comment: