Skip Navigation

National Geographic Society This program is distributed in the U.S. and Canada by National Geographic and EHD. [learn more]

Multilingual Illustrated DVD [Tutorial]

The Biology of Prenatal Development




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


 
Download English PDF  Download Spanish PDF  Download French PDF  What is PDF?
 

The Fetal Period (8 Weeks through Birth)

Chapter 37   9 Weeks: Swallows, Sighs, and Stretches

Düwünçeklik döwri tä çaga dogulýança dowam edýär.

9 hepdede düwünçek uly barmagyny sorup başlaýar we amniotic suwuklugy ýuwdyp biler.

Şeýle hem düwünçek elleri bilen bir zatlar tutup, kellesini öňe-yza oýnadyp, agzyny açyp-ýapyp, dili bilen hereket edip, dem alyp we uzanyp bilýär.

Ýüzüň, el aýasynyň we aýagyň dabanyň nerw düýgylary, çalaja el degireniňde duýup bilýärler.

"Çaganyň dabanyna ýuwaşlyk bilen degireniňde çaga jogap hökmünde", ökçesi we dyzy bilen itip we ayak barmaklaryny towlap başlaýar.

Göz gabaklary doly ýapyk.

Gortanda ses damarlary döräp we kämilleşip başlamagy bilen ses çykarmak ukyby döräp başlaýar.

Aýal düwünçeginyň ýatgysynda ýetişmedik öýjükler döräp başlaýar we olara ogonia diýilýär,

Erkek we aýal jynslarynyň daşky tapawutlyklary belli bolup başlaýar.

Chapter 38   10 Weeks: Rolls Eyes and Yawns, Fingernails & Fingerprints

9-10 hepde aralygyndaky tiz ösüş göwräniň agramyny 75%-den gowrak ösdürýär.

10 hepdede, ýokarky gabagyň stimulýasiýasy gözüň aşaklygyna aýlanmagyna sebäp bolýar.

Düwüçek pallaýar we onuň agzy ýygy-ýygydan açylyp-ýapylýar.

Köp düwünçekler sag başam barmagyny sorýarlar.

Göwek bagynyň içege bölümleri garyn boşlugynyň içine gaýdyp gelýär

Köp süňkleriň kämilleşmägi başlaýar.

El we aýak dyrnaklary ösüp başlaýär.

Ýeketäk barmak ýzlary tohumlandyrylmadan soň 10 hepde diýlende başlaýär. Durmuşuň ähli ýagdaýlarynda tanamak üçin bu nusgalar ulanylýar.

Chapter 39   11 Weeks: Absorbs Glucose and Water

11 hepdede burun we dodaklar doly görnüşe eýe bolýarlar. Beýleki her bir organlaryň bölekleri ýaly, adamyň ösüş ýolynda olaryň daş keşbi üýtgäp durar.

Içege düwünçegiň ýuwudýan glýukozasyny we suwyny sorup başlaýar.

tohumlandyrylmada jynsy belli bolsa-da, erkek ýa-da aýal hökmünde onuň daşky genleri hem tapawutlanýar.

Chapter 40   3 to 4 Months (12 to 16 Weeks): Taste Buds, Jaw Motion, Rooting Reflex, Quickening

11-12 hepde aralygynda düwünçegiň agramy 60% göterim töweregi ulalýar.

On iki hepdäniň dolmagy bilen göwreliligiň birinji üç aýlygy tamamlanýar.

Agzyň içini eýýäm dolylygyna tagam alyş gatlagy ýapýar.
Çaganyň dünýä inmegi bilen tagam alyş gatlaklary diňe dilde we agzyň ýokarky böleginde bolýar.

Ýogyn içege heretekleri iň ir 12-nji hepdede başlaýar we 6 hepde töweregi dowam edýär.

Düwünçegiň we täze dogan çaganyň aýlaw görnüşli ýogyn içegesinden ilkinji sapar çykýan serişgä mekonium diýýilýär. Ol iýmit siňdiriş enzimalardan, proteinlerden, we iýmit siňdiriji içege ýollaryndan çykan ölü öýjüklerden ybaratdyr.

12 hepdä çenli, elleriniň uzynlygy göwräniň gutarnykly ululyk proporsiýasyna barabar bolýar. Aýaklar özleriniň soňky proporsiýasyny almak üçin wagt biraz köp gerek bolýar.

Diňe bir arka we kelläniň ýokarky bölegi däl, düwünçegiň bütün göwresi çalaja eldegme jogap berip başlaýar.

Düwünçegiň jyns aýratynlyklarynyň ösüşi ilkinji sapar görnüp başlaýar. Mysal üçin, aýal düwünçegiň eňegi erkek düwünçegiňdan köp hereket edýändigi aýdyň görünýär.

Edilen hereketiň täsirine jogap hökmünde, agzyň töweregine el degrilende gapdala aýlanmagyna we agzyň açylyp, hereketiň stimulýasyna getirýär. Bu netijä "esasy refleks" diýilýär we bu endik dünýä inenden soň hem çaga iýmitlendirmede ene göwsüni tapmaga kömek edýär.

Çaganyň çekgeleri doluşyp, ýüzi keşbe gelip başlaýar we dişleri ösüp başlaýar.

15 hepdede, gan-emele getirýän öýjükler döreýär we süňk ýilikleriniň içinde köpelýärler. Köp gan öýjükleriň emele gelşi şu ýerde bolup geçýär.

Embrionda ilkinji hereketler 6-hepdede başlaýan hem bolsa göwreli aýal düwünçegiň hereketini diňe 14-18 hepdäniň arasynda düýüp bilýär. Däp bolşy ýalyý, bu hadysa oýanma diýilýär.

Chapter 41   4 to 5 Months (16 to 20 Weeks): Stress Response, Vernix Caseosa, Circadian Rhythms

16 hepdede garnyna sanjym edilmek bilen bagly çäreler geçirlende, noradrenalin ýa-da norepinefrin bölünip çykmagy bilen düwünçegiň garnyna iňňe sanjylanda stress emele gelýär we gormonlar bölümip çykýarlar. Sanjym ýaly çärelerde täze doglan çagalar we ulular birmeňzeş täsir edýärler.

Dem alyş sistemasy, öjkendäki bronha damarlary eýýäm gutarnykly görnüşe golaýlaşýar.

Werniks kasosa diýlen goraýjy ak element düwünçegi gurşap alýar. Werniks derini aminotik suwuklygyň berýän gyjyndyrmalaryndan gorap şaklaýar.

19 hepdeden düwünçegiň hereketleri, dem alyşy we ýürek urşy gündelik siklda dowam edýär, oňa sirkadian ritmi diýilýär.

Chapter 42   5 to 6 Months (20 to 24 Weeks): Responds to Sound; Hair and Skin; Age of Viability

20 hepdede doly emele gelen gulagyň içinde eşidiş perdesi adaty ululykda bolýar. Şundan soň düwünçek daşarky her hili sesleri duýup başlaýar.

Kelle sünkünde saçlar ösüp başlaýar.

Deriniň ahli gatlaklary we gurlyşlary, saç folikullary we glandalar hem doly emele gelýär.

tohumlandyrylmadan soň 21-22 hepdäniň içinde öýkeniň dem alyş ukyby biraz ösýär. birnäçe düwünçekler üçin ýatgydan daşardaky ýaşaýyş şertlerinde ýaşaýyşa ukyplylyk döreýär. Medisinanyň kämilleşmegi bilen wagtyndan öň doglan çagalaryň diri galmagyny gazanyp bolýar.

Chapter 43   6 to 7 Months (24 to 28 Weeks): Blink-Startle; Pupils Respond to Light; Smell and Taste

24 hepdede göz gabaklary açylýar we düwünçek çalt-gorky göz açyp ýummasyny edip başlaýar. Bu hereket aýal jynsly düwünçeklerde birden gaty ses bolanda adatça irräk döräp başlaýar.

Birnäçe ylmy barlagçylar gaty sesiň gönüden-göni düwünçegiň saglygyna täsir edýändigini habar berýärler. Şolwagtky täsiriň netijeleri bolsa yzygider ýürek urgusynyň çaltlaşmagyna, çakdanaşa köp ýuwdunmagyna, häsiýetiniň çalt üýtgemegine getirýär. Uzaga çekýän şunuň ýaly zyýanlaryň netijesi kerlige alyp barýar.

Düwünçegiň dem alyşy we goýberişi minutda 44 çenli ýetýär.

Göwreliligiň soňky 3 aýynda beýniniň çalt ösmegi düwünçegiň ulanýan güýjüniň 50 % alýar. Beýniniň argamy 400 we 500 % aralykda ösýär.

26 hepdede gözler ýaş döredip başlaýar.

Göreçler 27 hepdeden soň ýagtyny duýup başlaýarlar. Bu duýgular gözeneklerden gelýän ýagtylyklaryň möçberine görä bütin ömrüň dowamynda kadalaşýar.

Ys alyş ukyplylygynyň ähli komponentleri işlemeklerini dowam edýärler. Wagtyndan öň doglan çagalar öwrenilende olaryň ys almak ukyplylygynyň tohumlandyrylmadan soň 26 hepdede döräp başlaýandygy bellenilýär.

Amniotic suwuklyga süýji zatlar goşulda çaganyň ýuwduş hereketi çaltlanýär. Tersine ajy zatlar goşulanda bolsa, ýuwduş hereketleri haýallaýar. Ýuzuň ýygy-ýygydan üýtgäp duran Keşbi muňa laýyk gelýär.

Ýöreýän ýaly aýak hereketleri etmek bilen düwünçek göwrede aýlanyp başlaýär.

Düwünçegiň derisiniň aşagyna ýaglaryň barmagy bilen deriniň ýygyrtlary azalyp başlaýar. Ýaglar göwreniň temperaturasyny saklamakda we doglandan soň zerur bolan güýji toplamakda esasy orny tutýar.

Chapter 44   7 to 8 Months (28 to 32 Weeks): Sound Discrimination, Behavioral States

28 hepdede düwünçek güýçli we pes ýygylykdaky sesleri seljermegi başarýar.

30 hepdelik bolanda dem alyş hereketleri has çaltlaşýar we ortaça düwünçegiň wagtynyň 30%-dan 40% alýar.

Göwreligiň soňky 4 aýynda belli wagtlarda düwünçegiň uýgunlaşan käbir hereketleri şonuň ýaly-da dynç alyş döwürleri bellenilýär. Bu hereket endikleri merkezi nerw sistemasynyň ösüşiniň çylşyrymlylygyny görkezýär.

Chapter 45   8 to 9 Months (32 to 36 Weeks): Alveoli Formation, Firm Grasp, Taste Preferences

Takmyndan 32 hepdäniň dowamynda hakyky alweola ýa-da perdeler ýa-da howa "gaby" öýjükleri döräp başlaýar. Olar dogulandan soň 8 ýaşa çenli döremegini dowam edýär.

35 hepdede düwünçek eli bilen berk ýatyşmagy başarýar.

Düwünçege dürli substansiýalaryň berilmegi bilen doguluşdan soň gowy netijeleriň bolmagyna garaşylýar. Mysal üçin, çaga dogulandan soň hem ene göwrelilik döwründe düzüminde anis bolan süýji tagamlary iýse,çaga dogandan soň şol tagamlary saýlaýar. Göwrelilik wagty anis iýilmese, çaga doglandan soň ony halamaz.

Chapter 46   9 Months to Birth (36 Weeks through Birth)

Düwünçek estrogen atly gormony köp mukdarda çykarylyp başlanýar we şunlykda düwünçek dogluşa barýar.

Çaga dogluşynda ýatgynyň güýçli gysylyşy netijesinde güýç emele getirýär.

Tohumlandyrylmadan tä dogluşa çenli we soň adamyň ösüşi örän dinamik, hemişilik dowam edýän we kyn prosesdir. Bu ajaýyp prosses barada täze açyşlar adamyň ömrüniň bütin dowamynda onuň sagdyn bolmagynda düwünçegiň ösüşiniň täsiriniň möhümdigini görkezýärlar.

Biziň adam ösüşi barada düşünjelerimiziň ösmegi bilen, dogulyşdan öň we soň özümiziň saglygymyzy güýçlendirmek mümkinçiliklerimiz artar.


Add a Comment

Your Name: Log In 3rd-party login: Facebook     Google     Yahoo

Comment: