Skip Navigation
The Endowment for Human Development
The Endowment for Human Development
Improving lifelong health one pregnancy at a time.
Donate Now Get Free Videos

Multilingual Illustrated DVD [Tutorial]

The Biology of Prenatal Development




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


National Geographic Society This program is distributed in the U.S. and Canada by National Geographic and EHD. [learn more]

Choose Language:
Download English PDF  Download Spanish PDF  Download French PDF  What is PDF?
 

Chapter 43   6 to 7 Months (24 to 28 Weeks): Blink-Startle; Pupils Respond to Light; Smell and Taste

24 hepdede göz gabaklary açylýar we düwünçek çalt-gorky göz açyp ýummasyny edip başlaýar. Bu hereket aýal jynsly düwünçeklerde birden gaty ses bolanda adatça irräk döräp başlaýar.

Birnäçe ylmy barlagçylar gaty sesiň gönüden-göni düwünçegiň saglygyna täsir edýändigini habar berýärler. Şolwagtky täsiriň netijeleri bolsa yzygider ýürek urgusynyň çaltlaşmagyna, çakdanaşa köp ýuwdunmagyna, häsiýetiniň çalt üýtgemegine getirýär. Uzaga çekýän şunuň ýaly zyýanlaryň netijesi kerlige alyp barýar.

Düwünçegiň dem alyşy we goýberişi minutda 44 çenli ýetýär.

Göwreliligiň soňky 3 aýynda beýniniň çalt ösmegi düwünçegiň ulanýan güýjüniň 50 % alýar. Beýniniň argamy 400 we 500 % aralykda ösýär.

26 hepdede gözler ýaş döredip başlaýar.

Göreçler 27 hepdeden soň ýagtyny duýup başlaýarlar. Bu duýgular gözeneklerden gelýän ýagtylyklaryň möçberine görä bütin ömrüň dowamynda kadalaşýar.

Ys alyş ukyplylygynyň ähli komponentleri işlemeklerini dowam edýärler. Wagtyndan öň doglan çagalar öwrenilende olaryň ys almak ukyplylygynyň tohumlandyrylmadan soň 26 hepdede döräp başlaýandygy bellenilýär.

Amniotic suwuklyga süýji zatlar goşulda çaganyň ýuwduş hereketi çaltlanýär. Tersine ajy zatlar goşulanda bolsa, ýuwduş hereketleri haýallaýar. Ýuzuň ýygy-ýygydan üýtgäp duran Keşbi muňa laýyk gelýär.

Ýöreýän ýaly aýak hereketleri etmek bilen düwünçek göwrede aýlanyp başlaýär.

Düwünçegiň derisiniň aşagyna ýaglaryň barmagy bilen deriniň ýygyrtlary azalyp başlaýar. Ýaglar göwreniň temperaturasyny saklamakda we doglandan soň zerur bolan güýji toplamakda esasy orny tutýar.

Chapter 44   7 to 8 Months (28 to 32 Weeks): Sound Discrimination, Behavioral States

28 hepdede düwünçek güýçli we pes ýygylykdaky sesleri seljermegi başarýar.

30 hepdelik bolanda dem alyş hereketleri has çaltlaşýar we ortaça düwünçegiň wagtynyň 30%-dan 40% alýar.

Göwreligiň soňky 4 aýynda belli wagtlarda düwünçegiň uýgunlaşan käbir hereketleri şonuň ýaly-da dynç alyş döwürleri bellenilýär. Bu hereket endikleri merkezi nerw sistemasynyň ösüşiniň çylşyrymlylygyny görkezýär.

Chapter 45   8 to 9 Months (32 to 36 Weeks): Alveoli Formation, Firm Grasp, Taste Preferences

Takmyndan 32 hepdäniň dowamynda hakyky alweola ýa-da perdeler ýa-da howa "gaby" öýjükleri döräp başlaýar. Olar dogulandan soň 8 ýaşa çenli döremegini dowam edýär.

35 hepdede düwünçek eli bilen berk ýatyşmagy başarýar.

Düwünçege dürli substansiýalaryň berilmegi bilen doguluşdan soň gowy netijeleriň bolmagyna garaşylýar. Mysal üçin, çaga dogulandan soň hem ene göwrelilik döwründe düzüminde anis bolan süýji tagamlary iýse,çaga dogandan soň şol tagamlary saýlaýar. Göwrelilik wagty anis iýilmese, çaga doglandan soň ony halamaz.

Chapter 46   9 Months to Birth (36 Weeks through Birth)

Düwünçek estrogen atly gormony köp mukdarda çykarylyp başlanýar we şunlykda düwünçek dogluşa barýar.

Çaga dogluşynda ýatgynyň güýçli gysylyşy netijesinde güýç emele getirýär.

Tohumlandyrylmadan tä dogluşa çenli we soň adamyň ösüşi örän dinamik, hemişilik dowam edýän we kyn prosesdir. Bu ajaýyp prosses barada täze açyşlar adamyň ömrüniň bütin dowamynda onuň sagdyn bolmagynda düwünçegiň ösüşiniň täsiriniň möhümdigini görkezýärlar.

Biziň adam ösüşi barada düşünjelerimiziň ösmegi bilen, dogulyşdan öň we soň özümiziň saglygymyzy güýçlendirmek mümkinçiliklerimiz artar.


Add a Comment

Your Name: Log In 3rd-party login: Facebook     Google     Yahoo

Comment:
     


Newest  |  Top Rated

5 Comments


wycliffe mabiria
March 12, 2013 at 2:51 am
wycliffe mabiria
You get my manifold congrats. Great resource.
Report
Dislike
Like

kathrin34
May 4, 2012 at 12:18 pm
kathrin34
One of the best sites for pre-birth informations
Report
Dislike
Like

Ramesh P
July 18, 2011 at 9:29 pm
Ramesh P
Very Usefull information.....tahnks a lott.
Report
Dislike
Like
+2 thumbs up

Shukhrat Sattorov
February 22, 2011 at 5:39 am
Shukhrat Sattorov
Thank you for information from my family and from my son who is coming to the world in the summer! It will help us to make a beautiful family!
Report
Dislike
Like
+2 thumbs up

Sofi Katsi
October 4, 2010 at 11:26 am
Sofi Katsi
gravidanza.........la auguro a tutte le donne..
Report
Dislike
Like
+1 thumbs up